Serdar Berdimuhamedow Daşoguzdaky oba hojalyk işlerine nägilelik bildirdi

22:0130.05.2022
0
5990

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk işleri, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem şu ýyl sebitde gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berildi.

Möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri mynasyp garşylamak, olary döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şanly seneleriň medeni maksatnamasy degişli derejede taýýarlanyldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigini belläp, onuň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezident welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, däne ýygýan kombaýnlaryň we ýük awtoulaglarynyň, galla kabul ediş bölümleriniň işini doly derejede bökdençsiz üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutany gowaça ekilen meýdanlarda häzirki döwürde alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, onda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň