«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty esasynda halkyň urp-adatlaryny saklamak we goldamak, ýaş nesli milli ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, raýatlaryň ynanç-ygtykatlaryny erkin berjaý etmekleri üçin has oňaýly şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Müftisiniň müdiriýeti halkyň tekliplerinden we haýyşlaryndan ugur alyp, ýurduň welaýatlarynda metjitleriň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berýär.
Habar berlişi ýaly, bu metjitleriň gurluşyklaryna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasabat açyldy. Bankda açylan Türkmenistanyň Müftisiniň müdirýetiniň ýörite haýyr sahawatynyň hasaplary baradaky maglumatlar metbugatda çap ediler.
«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 3-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri Türkmenistanyň Prezidentine, ilatyň haýyşyny nazara alyp, sebitlerde täze metjitleri we sadaka jaýlaryny gurmak baradaky teklipleri bilen ýüzlendiler.
Habar berlişi ýaly,
Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde;
Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde;
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda;
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda;
Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen bina gurlar.
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň metjit we onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky tekliplerini makullap, bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmegi tabşyrypdy.
Şeýle-de, okaň!