Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 5 sany täze metjit gurlar

21:3303.05.2022
0
25101

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri Türkmenistanyň Prezidentine, ilatyň haýyşyny nazara alyp, sebitlerde täze metjitleri we sadaka jaýlaryny gurmak baradaky teklipleri bilen ýüzlendiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,

Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde;

Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde;

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda;

Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjit hem-de onuň ýanynda sadaka bermäge niýetlenen bina gurlar.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň metjit we onuň ýanynda sadaka jaýyny gurmak baradaky tekliplerini makullap, bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmegi tabşyrdy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň