Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getiriler, Dubaýdan we Kazandan Türkmenabada howa gatnawynyň awiapeteklerini elektron poçta arkaly almak mümkinçiligi döredildi, tomusky okuw merkezleriniň sanawy, «Awaza» söwda merkezi müşderilere garaşýar

09:5730.05.2022
0
13634

1. Şu gün «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýeden Türkmenistanyň raýatlaryny ýurdumyza getirmek üçin ýörite uçuş amala aşyrar. Uçar Stambulyň Halkara howa menzilinden asmana göterler.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Dubaýdan we Kazandan Türkmenabada amala aşyrjak halkara howa gatnawlarynyň peteklerini satyn almak üçin hökman ýagdaýda elektron salga hat ugratmak zerurdyr. Kazan – avia@itmgroup.ru; Dubaý – ticket.mida@gmail.com.

3. Dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen mekdepden daşary bilime we goşmaça sapaklara has köp wagt aýyrmak mümkinçiligi döreýär. Aşgabatda ýerleşýän okuw merkezleriniň sanawy bilen aşakdaky şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

4. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» söwda merkezi dynç almaga gelen myhmanlara öz hyzmatlaryny hödürleýär. Bu ýerde gündelik durmuşda we deňizde dynç almak üçin zerur harytlar satylýan alty sany dükan hereket edýär.

5. 1-nji iýunda sagat 15:00-da Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Biz we çagalar» atly çäre geçiriler. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, animatorlaryň, gözbagçylaryň, hokgabazlaryň, akrobatlaryň, şeýle hem baş öwredilen haýwanlaryň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

Petek satyn almak üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 49 26 58; 993 62 00 31 21.

6. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gadyrly çagalar – ykbalyň buýsanjy» atly sergi geçiriler.

7. Taýwanda täsin ýagdaý ýüze çykaryldy, 331 adam öz adyny üýtgetdi we täze ada hytaýça «Losos» diýen manyny berýän iýeroglif goşdular. Bu çäre 2021-nji ýylyň martynda kimiň adynda «Losos» iýeroglifi bar bolsa, şolaryň ählisini doýurmaga söz beren Sushiro restoranlar ulgamy tarapyndan guraldy. Şeýle häsiýetli mahabat usulynyň netijesinde ýapon aşhanasynyň muşdaklary özlerini «Tans edýän losos» we «Lososyň arzuwlary» ýaly atlar bilen atlandyryp başladylar.

8. 1-nji iýundan Kipriň döwlet dolandyryş edaralary syýahatçylar üçin girizilen ähli koronawirus çäklendirmelerini aradan aýrarlar. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, indi ýurda gelýän syýahatçylardan sanjym kepilnamasy ýa-da test barlagynyň netijesi talap edilmez.

9. Pariž şäheriniň «Stad de Frans» stadionynda geçirilen UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 1:0 hasabynda «Realyň» ýeňişi bilen tamamlandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny braziliýaly Winisius Žunior geçirdi.

10. 2023-nji ýylyň 17-23-nji apreli aralygynda Keýptaunda Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «А» toparynyň duşuşyklary geçiriler. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar. Türkmen ýygyndy toparyna GAR-yň, Lýuksemburgyň, Taýwanyň, KHDR-yň we Tailandyň ýygyndylary garşydaşlyk ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň