Arhiw

Dynç alyş zolagyndaky «Awaza» söwda merkezi alyjylara garaşýar

12:4528.05.2022
0
8160

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, 2014-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen «Awaza» söwda merkezi dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda alyjylar üçin gapysyny giňden açdy.

3 gatly söwda merkezinde alty sany söwda dükany bolup, olardan gündelik durmuş üçin azyk harytlaryny, şeýle-de deňizde dynç almakda zerur bolan harytlary tapmak bolýar. Bu ýerde ýerli dokma senagatyň ýokary hilli önümlerini alyjylara hödürleýän dükan, kosmetika we parfumeriýa dükany hem-de deňziň kenarynda dynç alnanda gerek bolýan harytlar — çişirilýän dürli görnüşli aýlawlar, haýwanlaryň keşbinde döredilen düşekler, ellere dakylýan gorag ýelli ellikler, žiletler, welosipedler, pökgiler we beýleki önümler bar. Şeýle-de söwda merkezinde «Tm Cell» aragatnaşyk operatoryna töleg geçirilýän terminal hem bar.

Söwda merkezinde hyzmatlaryň hatarynda welosipedleriň kärendesine alynýan nokady, kafe, restoran, bilýard zaly we çagalar üçin oýun meýdançasy ýerleşýär.

«Awaza» söwda merkezi her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Şunuň bilen birlikde, söwda merkeziniň öz web saýty hem bardyr. Ondan onlaýn sargyt edilen ýagdaýynda eltip berme hyzmaty «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çägi boýunça gije-gündizläp amala aşyrylýar.

Has giňişleýin maglumatlar bilen gyzyklanmak üçin 800243-5-78-33 we +99361427995 telefon belgileri arkaly habarlaşyp ýa-da söwda merkeziň sosial hasabyna ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň