GAR hokkeý boýunça dünýä çempionagtynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynyň 2023-nji ýyldaky duşuşyklaryny kabul eder

14:3328.05.2022
0
6891

HHF-niň karary bilen, 2023-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji bölüminiň “A” toparçasynyň oýunlary Günorta Afrika Respublikasynda geçiriler.

Bu barada 26 — 28-nji maýda Tamperede (Finlýandiýada) geçirilen Halkara hokkeý federasiýasynyň gurultaýynda aýdyldy.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Günorta Afrika, Lýuksemburg, Taýwan, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy we Taýlandyň ýygyndylary bilen ikinji diwiziona geçmek üçin bäsleşer. Ýaryş 2023-nji ýylyň 17 — 23-nji apreli aralygynda, Keýptaun şäherinde geçiriler.

Hokkeý boýunça dünýä çempionaty ýygyndylaryň reýtingine görä birnäçe diwizionlara bölünýär. Häzirki wagtda hokkeý ýygyndylary jemi bäş diwizionda bäsleşýärler. Türkmenistanyň ýygyndysy üçünji diwizionda çykyş edýär.

Aprel aýynda tamamlanan, “A” toparçasynyň üçünji bölüminde geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri bürünç medala mynasyp boldular. Bäsleşik Lýuksemburgda geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň