Soňky habarlar

Arhiw

Madridiň «Realy» 14-nji gezek UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

04:0729.05.2022
0
3532

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyldaky möwsüminiň final duşuşygy Madridiň «Realynyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Iňlisleriň «Liwerpul» toparyndan üstün çykan madridliler bu arzyly ýeňşi eýýäm taryhynda 14-nji gezek gazandylar.

Pariž şäheriniň «Stad de Frans» stadionynda geçirilen gyzgalaňly duşuşyk Madridiň «Real» toparynyň geçiren ýeke-täk goly bilen tamamlandy. Bu goly 59-njy minutda Federiko Walwerdeniň beren ýardam pasyndan soň, braziliýaly ýarymgoragçy Winisius Junior geçirdi.

Duşuşygyň bütin dowamynda ýiti oýny bilen ispan toparyndan görnetin tapawutlanan «Liwerpul» has tolgundyryjy pursatlary döretdi. Aýratyn-da, duşuşygyň ilkinji minutlaryndan has aýgytlaýjy urgulary bilen hüjüm edip, birnäçe pursatlarda gol geçirmäge örän ýakyn geldi. Final tapgyrynyň bu täsin oýnunda Madridiň «Real» toparynyň garşydaş derwezä dogry gönükdiren ýeke-täk ugrusy ýeňiş goluny getirdi. Toparlaryň garşylyklaýyn geçiren urgularynyň sanawy bolsa umumylykda «Liwerpulyň» netijeli tapawudyna 23:3 urga deň boldy.

Madridiň «Realy» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2021/2022-nji ýyldaky möwsüminiň final tapgyrynda gazanan ýeňşi bilen taryhyna bu ýaryşyň 14-nji ýeňşini ýazmagy başardy. Mundan ozal bolsa topar Çempionlar ligasynyň 1955/1956, 1956/1957, 1957/1958, 1958/1959, 1959/1960, 1965/1966, 1997/1998, 1999/2000, 2001/2002, 2013/2014, 2015/2016, 2016/2017, 2017/2018 möwsümlerinde ýeňiş gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň