Soňky habarlar

Arhiw

Dubaý — Türkmenabat howa gatnawyna petekleri nireden alyp bolýandygy mälim boldy

15:0028.05.2022
0
49522

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 30-njy maýdan başlap Dubaýa ýolagçy howa gatnawlaryny dikeldýär. Dubaýdan Türkmenistana yzyna amala aşyryljak howa gatnawlary Türkmenabat Halkara howa menziline bolar.

Bu howa gatnawyna BAE-den petek almak isleýänler şu telefon belgilere ýa-da elektron salgysyna ýüz tutup bilerler: +971502800508 ýa-da +971525777762; ticket.mida@gmail.com. Bu habar «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň saýtynda hem ýerleşdirilendir.

Türkmenistana uçýan we howa menziline barmazdan ozal Türkmenistandan geçýän ýolagçylar hasaba alynmazdan öň şulara borçludyr:

  • Uçuşdan 48 (kyrk sekiz) sagat öň PCR usuly bilen alynýan COVID-19 üçin negatiw synag netijesini türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde, şeýle hem şonuň bilen ýokanja garşy alnan sanjymyň kepilnamasyny bermeli. Bu resminama bolmasa (PCR synagy) ýolagçynyň uçara münmegine rugsat berilmeýär.
  • Ýörite niýetlenen formany dolduryň (COVID-19 bilen baglanyşykly ýolagçynyň saglyk ýagdaýy we ýerleşýän ýeri). Bu forma uçara münmezden ozal howa menziliniň terminalyndaky gözegçilik stolunda berilýär we ony ýolagçylar iki nusgada doldurýarlar. Formany şu ýerden göçürip alyp bilersiňiz;
  • howa menziliniň terminalynda we uçarda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynyň (5 ýaşa çenli çagalar demikmek howpy sebäpli agyz-burun örtüklerini ​ulanman bilerler). Agyz-burun örtüklerini her 2 sagatdan çalyşmak maslahat berilýär.

Awiakompaniýa PCR tarapyndan geçirilen synaglardan başga, antitela synaglarynyň netijeleriniň, beýleki synaglaryň netijeleriniň bu maksatlar üçin COVID-19 ýokanjynyň ýokdugyny tassyklamak üçin ulanylyp bilinmejekdigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň