Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

21:4028.05.2022
0
4786

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berlişi ýaly, türkmen Lideri gutlag hatynda: «Şu ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýip belläp geçýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň