Soňky habarlar

Arhiw

Özbek teleýaýlymlary Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2022-däki duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer

00:3326.05.2022
0
5641

«Tribuna.uz» saýty 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda 1-nji iýunda başlanjak Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň duşuşyklaryny haýsy ýaýlymlaryň görkezjekdigini paýlaşdy. Şol habarlara laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezjek teleýaýlymlar hem belli boldy.

Mälim bolşy ýaly, taryhynda ilkinji gezek yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşýan ýaşlar ýygyndymyz «A» toparça wekilçilik edýär. Yklym ýaryşynyň açylyş duşuşygynda hem türkmen ýygyndysy ýerli ýygyndy ― özbek futbolçylary bilen duşuşar.

1-nji iýun güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 20:30-da başlanjak şol duşuşyk Özbegistanyň hususy «Futbol TV» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ikinji duşuşygyny 4-nji iýunda Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. Şol gün sagat 18:00-da başlanjak bu duşuşyk hem «Futbol TV» arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Ýaşlar ýygyndymyzyň Kataryň ýygyndysy bilen 7-nji iýunda boljak duşuşygyny bolsa «UzReport» futbol muşdaklaryna ýetirer. Bu duşuşyk agşam sagat 22:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň