Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogynyň finalçylary belli boldy

23:5825.05.2022
0
3475

Mary welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde finalda güýç synanyşjak toparlar belli boldy. Bu abraýa Ýokary liganyň wekilleri “Merw” hem-de “Energetik” toparlary mynasyp boldular. Bu barada TFF habar berdi.

Ýarymfinal duşuşyklarynyň ikisi hem Ýokary liganyň wekilleriniň ynamly ýeňişleri bilen tamamlandy. Geçirilen duşuşyklarynyň ikisinde hem “Merwdir” “Energetik” toparlary garşydaşlarynyň derwezelerinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirmegi başardylar.

“Merw” bilen “Energetigiň” arasyndaky final duşuşygy 28-nji maýda geçiriler.

Ýarymfinal duşuşyklarynyň netijeleri:
“Merw” – “Olimp” – 5:0
Gollar: 6 Mukam Nazzyýew, 25 Myrat Aşyrow, 40 Toýly Goçnazarow, 51 Begenç Alamow (11 m.j.u.), 69 Merdan Işangulyýew (“Merw”)
“Energetik” – “Kuwwat” – 5:0
Gollar: 8, 73 Guwanç Ýagmyrow, 23 Perman Hallyýew, 49 Süleýman Mirzoýew, 70 Mekan Çaryýew (“Energetik”).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň