Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionatynda toparlaýyn birinji orna mynasyp boldy

17:0224.05.2022
0
3726

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu göreşiň erkin usuly boýunça geçirilen ýaryşlarda toparlaýyn birinji orna mynasyp boldy. Olar erkin usuldaky ýaryşlarda medallaryň 7-sini gazandylar.

Şolaryň dördüsiniň altyn medal bolmagy has guwandyryjydyr. Erkin usul boýunça 22-nji we 23-nji maýda geçirilen ýaryşlarda türkmen ýygyndysyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden talyby Daýanç Guwanjow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgerleri Rozymyrat Medow (80 kilograma çenli) hem-de Arslan Hojamberdiýew (90 kilograma çenli) we 100 kilogramdan agyr pälwanlaryň arasynda ýaryşan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew dagylar ýurdumyza altyn medallar bilen dolanýarlar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Jemal Owlakulyýewa (70 kilograma çenli) bilen Naziýa Joraýewa (75 kilograma çenli) dagylar bolsa ýaryşyň kümüş medallaryna mynasyp boldular. Erkin usuldaky ýeke-täk bürünç medalymyzy 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Türkmenistanyň Guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň türgeni Maral Garjykowa eýeledi.

Erkin usulda toparlaýyn hasapda türkmen pälwanlaryndan soň ikinji orna ýer eýeleri ― Gyrgyz Respublikasynyň, üçünji orna bolsa Gazagystanyň ýygyndylary mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň