Top.Mail.Ru

Arhiw

«Zemmhome» dükany aşhana pyçaklaryny 33% arzanlatdy

10:1723.05.2022
0
10144

«Zemmhome» dükany nahar taýýarlamagy halaýanlar üçin aşhana pyçaklaryny 33%-e çenli arzanlatdy.

Arzan bahalardan satylýan pyçaklaryň hatarynda dürli hili maksatlar üçin ulanylýan adaty pyçaklar bilen birlikde peýnir, çörek, gök önümleri dogramak, etleri bölmek, owratmak üçin niýetlenen pyçaklar hem alyjylara ýetirilýär.

Dükanyň bu köpdürli harytlary aşhananyň möhüm aýratynlyklary bolan 30 görnüşli aşhana esbaplaryndan, olaryň aýratyn toplumlaryndan ybaratdyr.

«Zemmhome» dükanynyň hünärmenleri müşderilere ýetirýän esbaplarynyň poslamaýan metaldan hem-de ýokary hilli keramikadan taýýarlanandygyny bellemek bilen, olaryň yzygiderli ulanylan ýagdaýynda hem uzak möhletläp hyzmat edýändigine kepil geçýärler.

Dükanyň zemmhome.com saýtynda bolsa aşhana esbaplarynyň we olaryň toplumlarynyň, keramikadan, aýnadan ýasalan gap-gaçlaryň, gazanlaryň hem-de saçlaryň dürli hili görnüşleri bilen tanyşmak bolýar. Döwrebap aşhana esbaplarynyň baý köpdürliligi özüňiz üçin ýa-da sowgatlyk almakda özboluşly ähmiýete eýedir.

Ýatlatsak, häzirki wagtda «Zemmhome» dükanynyň aýnadan öndürilen gap-gaçlaryna 70% arzanladyş dowam edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň