Soňky habarlar

Arhiw

Mebeller nämelerden ýasalýar: köp ulanylýan materiallar barada

0
7842

Häzirki döwrüň mebelleri diňe bir agaç materiallaryndan ýasalmaýar. Bu makalada gürrüňini etjek zatlarymyz hem şolar bilen baglanyşykly. Şeýle hem mebel önümçiliginde has giňden ýaýran mebel materiallarynyň özboluşly aýratynlyklary dogrusynda durup geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Agaç we ondan ýasalýan materiallar: panarlar, AGP (agaç gyryndysyndan plita), MDF, şpon. Iň gymmat bahaly we ekologik arassa material agaçdan ýasalan, öz aralarynda gyra taraplary bilen ýelimlenen tagta hasaplanýar. Bu tagta hökmünde sosna, dub, arça, lipa, hoz agaçlary, şeýle-de käbir ekzotik agaçlar peýdalanylýar.

Agaç mebelleriň önümçiliginiň çykdajysyny azaltmak üçin kähalatda olary agajyň owuntygyndan, külkesinden taýýarlap başladylar. Şeýdibem AGP we LAGP tagtalary ýüze çykdy (LAGP hem agaç gyryndy plitasyndan (başgaça DSP) laminirlenendigi bilen tapawutlanýar. Häzirki mebelleriň köpüsi LAGP tagtasyndan taýýarlanýar, sebäbi ol hem arzan, hem özüne suwy siňdirmeýär.

MDF hem agajyň gaýtadan işlenen mahaly ýüze çykýan galyndy owuntyklaryndan ýasalýar. Emma ol AGP-den hem has owuntyk, un ýaly ownan bölejikleriň birleşdirilmeginden döredilýär. Olar gyzgyn gysma usulynda özara birleşdirilýär. Olar, umuman, adaty agaç tagtasyndan kän bir tapawutlanmaýar, şonuň ýaly-da ol suwa hem çydamly.

Hemmelere tanyş bolan panarlar bolsa agaç tagtalarynyň has ýuka bölekleriniň gatynyň biri-birine ýelimlenmeginden emele gelýär. Ol ýumşak we diwarly mebelleriň (şkaf, stellaž...) önümçiliginde ulanylýar, özüne suwy siňdirýär.

Tebigy lozadan ýasalan bag we aşhana mebelleri hem meşhurdyr. Olary iwa, rotanga we beýleki agaçlardan taýýarlaýarlar. Bu hili mebeller ajaýyp, ýeňil we çydamly görünýär, ýöne olaryň bahasy arzan däldir.

Köplenç stollaryň we şkaflaryň üstüni ýukajyk agaç örtügi — şpon bilen örtýärler. Daşyndan ol agaç tagtasyna çalym etmänem duranok, bahasam örän amatly. Şponuň dürli agaç tagtalaryny şekillendirýän örtükleri bilen owadan nagyşlary hem döredip bolýar.

Häzirki zaman plastikleriň görnüşleri ekologiýa taýdan arassa, çydamly hem-de estetiki taýdan ýakymlydyr. Mebel öndürmek üçin esasy material hökmünde (her kim şonuň ýaly plastik stollary, oturgyçlary, tekjeleri we ş.m. gören bolsa gerek) we aşhana mebelleriniň, tekjeleriniň, aşhana «perronlary» üçin fasadlary bezemek üçin ulanylýar. Mermerden meňzeýän akril, köplenç naharhana we aşhana stollaryny, rakowinalaryny bezemek üçin ulanylýar.

Metaldan ýasalan gurluşlar mebellere diňe bir berklik däl-de, eýsem uzakmöhletleýin çydamlylyk we «gymmatbaha» görnüşi berýär. Stollaryň, oturgyçlaryň aýaklary, güller üçin stendler we bezeg önümleri metal profillerden ýasalýar. Köçe we bag bezegleriň hem ählisi diýen ýaly metaldan taýýarlanýar.

Gowşaklygy, gaçyp döwülmek howpy bar hem bolsa aýnadan ýasalýan mebelleriň ählisi örän ajaýyp bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şu ýetmezçiligi üçin olardan islendik zady ýasap hem bolmaýar. Aýna önümleri stollaryň üsti ýasalanda galyň görnüşde, şeýle-de tekjeler ýasalanda peýdalanylýar.

Örän berk stollar, iş ýerleri, rakowinalar we wannalar ýasalan ýa-da tebigy daş önümlerinden ýasalýar. Munuň üçin bolsa köplenç halatda mermer ýa granit, şeýle-de daş owuntyklaryndan gysma usuly bilen ýasalan emeli daşlar peýdalanylýar.

«Zemmhome» öý we hojalyk harytlarynyň, mebelleriň dükanynda ýokarda agzap geçen materiallarymyzyň aglabasyndan öndürilen islendik görnüşli mebeller müşderilere ýetirilýär. Mebel görnüşleriniň hatarynda — tebigy agaçdan ýasalan stollar we kiçi stollar, agaçdan we metaldan ýaslan «loft» stilindäki mebeller, žurnal üçin stollar, aýnadan ýasalan stollar we kiçi stollar, şeýle-de LAGP we MDF materiallaryndan taýýarlanan mebeller, şpon bilen bezelen ýa-da ýokary ekologik plastikden mebeller bar. Bu ýerden her bir adam öz öý bezegine laýyk geljek mebeli hökman tapsa gerek.

«Zemmhome» dükanynyň salgysy: Änew şäheri, Ahal köçesi, 27/1-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 50-10-34; +993 62 62-26-85.

 

Çeşmeler: m-strana.ru; mebel-expert.info.

 

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar