Turkmenportal logo
23.05.2022
38403840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kaýrat» «Şahtýory» ýeňip, alty duşuşyklyk şowsuzlygyň soňuna çykdy

Almaty şäheriniň «Kaýrat» futbol topary Gazagystanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda öz meýdanynda Karagandanyň «Şahtýoryny» 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky gollary Wiktor Wasin bilen Žoao Paulo geçirdi.


Şeýlelikde, «Kaýrat» alty duşuşyklyk ýeňişsiz tapgyrynyň soňuna çykdy (4 utulyş, 2 deňlik). Topar 16 utuk bilen ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagynda barýar. Dokuzynjy orundaky «Şahtýorda» bolsa 14 utuk bar.


«Kaýrata» geçen ýylyň awgust aýyndan bäri türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälim berip gelýändigini ýatladýarys.