Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan flora» dükanynyň fito-suratlary islendik öý gurşawyna bezeg berer

15:4622.05.2022
0
5151

Häzirki döwürde öý bezeginde iň meşhur hem-de isleg bildirilýän ugur hökmünde fito-suratlary görkezmek bolar. Islendik öýdür ofisler ýa-da howludyr terrasolar bu şekiller bilen bezelende gurşawa has täsin öwüşgin berýär.

Fito-suratlar ýörite dürli ölçegde bolan çarçuwalar bilen berkidilip, içinde bitewi kompozisiýany emele getirýän güllerdir ösümlikler bilen bezelýär we taýýar edilenden soň asylyp goýulýar.

Bu suratlar döwrebap hem-de adaty bolmadyk görnüşde otagyň bezeglerinuň hatarynda aýratyn üns çekýän aýratynlykdyr. Bu ilkinji nobatda estetizm. Janlylyk, göze gelüwlilik hem-de ösümlikleriň köpdürlüligi — fito-suratda jemlenýän sungat täsinligidir.

Bu otagyň dürli ýerlerini ýapmak maksady bilen ulanylanda hem jaýdar görnüşdedir. Aýratyn-da ol otagyň wizual bölegini has artdyrmakda ýardam edip, giň we boşlaw otag üçin has amatly çözgüt bolup hyzmat edýär.

Siz islendik wagt «Bossan flora» dükanyndan özüňize gerek bolan ölçegde dürli stildäki fito-suratlary sargyt edip alyp bilersiňiz. Adatça, fito-suratlar döredilen mahalynda durnuklaşdyrylan emeli moh ösümliginden ýa-da Real-touch emeli ösümliklerinden peýdalanylýar. Olara aýratyn ideg etmek zerurlygy bolmaýar. Bu ugurda «Bossan flora» dükanynyň hünärmenleri siz üçin ýörite sargytlaýyn we islegleriňizi nazarda tutup, fito-surat gurnama işlerini ýokary hilde ýerine ýetirip bererler.

Habarlaşmak üçin:

  • Dükanyň sosial mediadaky hasaby;
  • Telefon belgileri: 415554, 721122, 726060;
  • Dükanlaryň salgylary: Aşgabat ş., Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr); «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, ikinji gat, A-201 dükany.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň