Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşleriniň parkyny giňelder

13:0020.05.2022
0
24454

Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol hem-de gury ýer ulaglar parkyny giňelder. Munuň üçin ýurduň aýry-aýry ulag pudaklaryna täze howa ulaglary, ýük teplowozlary, ýeňil awtoulaglar, kiçi awtobuslar satyn alar we deňiz gämileri gurlar. Bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew döwlet Baştutanyna beren hasabatynda beýan etdi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Wise-premýeriň hasabatynda bellemegine görä, ýurduň welaýatlarynda gurulýan ýolagçy awtomenzilleri we awtoulag ýaryş meýdançalary, şeýle-de «Kamaz» awtoulag kärhanasynyň hyzmat ediş merkezleri täze iş orunlarynyň açylmagyna ýardam eder.

Şu maksatlar bilen hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk liniýalarynyň we sanly awtomatik telefon beketleriniň giňeldilmegi, poçta hyzmatlarynyò täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, Ahal welaýatynda pudagyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de döwrebap dolandyryş binasynyň gurulmagy bilen hem täze iş orunlaryny döredilmegi göz öňüne tutulýar.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamyna döwletiň iri möçberli maýa goýumlarynyň goýulýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň