Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň arasynda demir ýol we awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, 20-nji maýda Türkmenistandan Russiýa ýörite uçusy amala aşyrylar, Aşgabatda Atatürki hatyralama baýramy geçirildi we beýleki habarlar

10:2820.05.2022
1
39332

1. Türkmenistanda Aşgabat weTürkmenbaşy şäherleriniň arasynda dowamly demir ýol gatnawy gaýtadan dikeldilýär. Şeýle-de hepdede iki gezek Aşgabat–Daşoguz we Türkmenabat–Türkmenbaşy ugurlary boýunça otly gatnawlary hereket eder.

2. Şu gün (20-nji maýda) Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan ýörite uçuşyny amala aşyrar. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 10:00-da asmana göterler.

3. Türkmenistanda Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlary gaýtadan ýola goýuldy. Şäherara awtobus duşenbe, çarşenbe we anna günleri Balkan welaýatyndan paýtagta tarap hereket eder, gaýdyşyn gatnawlar bolsa sişenbe, penşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Kerkiden Türkmenbaşa amala aşyryljak howa gatnawlarynyň petekleri satuwa çykaryldy. Ilkinji uçuşy 30-njy maýda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Uçuşyň dowamlylygy takmynan 1 sagat 30 minuda dowam eder. Bir ugur üçin petegiň nyrhy – 200 manat 50 teňňe bolar.

5. Aşgabatda Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy mynasybetli dabara geçirildi. Çärä Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisiniň orunbasary Gülşah Jumurju gatnaşdy.

6. ImdatBot çagalar robototehnika okuw merkezi 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli ýaş robot muşdaklaryny okuw sapaklaryna çagyrýar. Sapaklar 30-njy maýda başlanýar. 2 sany okuw görnüşi hödürlenýär: 2 hepde dowam edýän tomusky çagalar dynç alyş merkezi (09:00-dan 13:00-a çenli), şeýle hem okuw gurnagy (14-18 okuw sapagy, hepdede 3 gezek). Gurnaklary tamamlan okuwçylara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sertifikatlar gowşurylar.

7. 18-nji maýda Tbilisiniň telewizion binasy Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen bilelikde Tbilisi häkimligi tarapyndan guralan bu dostluk çäresiniň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde däbe öwürldi.

8. 21-nji maýda Gyrgyzystanda alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty badalga alar, bäsleşigi Türkmenistandan hem türgenler gatnaşýarlar. Çempionatyň dowamynda aýallaryň we erkekleriň arasynda jemi 24 toplum medal üçin güýç synanyşarlar. Bu sport çäresi 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkiýäniň Iznik şäherinde geçiriljek IV Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama tapgyrynyň ikinji tapgyrydyr.

9. 24-nji maýda futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň Kubogy-2023 çempionatynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli bolar. Bije atyşlyk Kuala-Lumpurda Aşgabat wagty bilen sagat 11:00-da geçiriler.

10. Italiýanyň Gucci modalar öýüniň we Germaniýanyň Adidas sport harytlary kompaniýasynyň dizaýnerleri döwrebap saýawan döretdiler. Meşhur iki haryt nyşanynyň bilelikde öndüren özboluşly aksessuarynyň bahasy 1290 amerikan dollaryna deňdir. Emma bu döwrebap aksessuaryň tapawutly taraplary hem bardyr: ol suw geçirýän matadan ýasalandyr, şonuň üçin hem ýagyşdan goramaýar.

11. 55 ýaşly hytaýly ýaşaýjy 40 ýyl bäri Syçuan uniwersitetiniň talyby bolmaga synanyşýar. Lýan Şi ilkinji gezek 1983-nji ýylda talyp bolmak kararyn gelýär, emmä häzire çenli oňa ýeterlik ball gazanmak ýeke gezek hem başartmady. Emma ol asla ruhdan düşmeýär we täze okuw ýylynda uniwersitete girmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň