Top.Mail.Ru

Aşgabatda Atatürk hatyralap, Ýaşlar we sport baýramy bellenildi

21:4119.05.2022
0
5890

Şu gün Aşgabatda Atatürki hatyralamak, Ýaşlar we sport baýramy mynasybetli dabara geçirildi.

Çäre paýtagtyň Atatürk seýilgähinde geçirildi we oňa Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisiniň Gülşah Jumurju, şäher häkimliginiň wekilleri, ilçihananyň işgärleri, türkiýeli işewürler, şeýle hem-de köp sanly mugallymlardyr okuwçylar gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar Atatürkiň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk ygla edip, onuň ýadygärligine gül goýdular.

Baýramçylyk çäresi soňra Aşgabat türkmen-türk mekdebinde dowam etdi. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň ilçisiniň orunbasary Gülşah Jumurju çykyş etdi we mekdep tarapyndan taýýarlanan medeni çärelere tomaşa edildi. Okuwçylar şygyr okap, aýdym aýtdylar, halk tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Çäreleriň çägindä talyplaryň gatnaşmagynda sport ýaryşlary hem geçirildi. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň