Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogyna «Şagadam» mynasyp boldy

10:0320.05.2022
0
6943

Futbol boýunça Balkan welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary baş baýraga mynasyp boldy.

Soňky tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykda “Şagadam” çempionlyk ugrundaky esasy bäsdeşi “Nebitçi” bilen duşuşdy. Bu duşuşyk garaşylyşy ýaly çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bolmazça-da, däldi. Bir aýlawda geçirilen ýaryşyň dowamynda toparlaryň ikisi hem ýeňilmän gelýärdiler. Bu günki gün bolsa ýeňiji kesgitlenilmelidi.

Soňlugynda bu şeýle-de boldy. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşykda ilki hasaby “Nebitçi” açdy. 11 metrlik urgusyndan tapawutlanan Saýat Gulyýew “Nebitçini” öňe saýlady. Ýöne soňlugynda hüjümleriniň sanyny artdyran “Şagadam” oýunçylary Farhat Italmazowdyr Akmämmet Metdäýewiň gollary bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklarda 12 utuk toplan “Şagadam” ýaryşyň ýeňijisi boldy. 9 hem-de 6 utukdan toplan Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” hem-de “Nebitçi II” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýelediler.

Kubok bäsleşiginiň ýeňijileriniň bir aýlawda geçirilen bäsleşikde belli edilendigini ýatladýarys.

Kubok bäsleşiginiň netijesi boýunça “Iň ökde derwezeçi” diýlip “Nebitçiniň” derwezeçisi Perhat Hajytaganow mynasyp görüldi. “Iň ökde oýunçy” diýen baýraga bolsa “Şagadamyň” esasy oýunçysy Yhlas Magtymow mynasyp boldy.

Kubok bäsleşiginiň duşuşyklarynyň yzysüresi baýrak gowşurylyş dabarasy geçirilip, ýeňijidir baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara baýraklar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň