Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bilerler

02:5120.05.2022
0
3200

24-nji maýda Kuala-Lumpur şäherinde 17 ýaşa çenli ýetginjekler futbol ýygyndylarynyň arasyndaky Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler. AFK-nyň resmi saýty bije çekişligiň Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 11-de başlanjakdygyny habar berýär.

Bahreýnde geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna 44 ýygyndy gatnaşar. 10 toparçanyň altysy dört, galan dördüsi bolsa bäş wekilden ybarat bolar. Her toparçadaky duşuşyklar bir aýlaw görnüşinde geçiriler. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda başlanjak saýlama duşuşyklar 9-njy oktýabrda tamamlanar. 10 toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy bäşisi yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Bahreýniň ýetginjekler ýygyndysy bolsa ýer eýesi hökmünde saýlama ýaryşsyz final tapgyryna wekilçilik eder.

Bijeler çekilende, ýygyndylaryň ýerleşýän sebitine üns berilmez diýip, çeşme ýazýar.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy bije çekişlige bäşinji torbadan gatnaşar. Şeýlelikde, türkmen futbolçylary Kuweýtiň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Bahreýniň ýygyndylary bilen bir toparçada ýaryşmaz.

Geljek ýyl Bahreýnde geçiriljek yklym ýaryşynyň iň gowy wekilleri Peruda boljak dünýä çempionatyna (2023-nji ýyl) gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň