Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň döwlet baýragy bilen sylaglandy

20:0319.05.2022
0
9412
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň döwlet baýragy bilen sylaglandy
surat: tatarystan.president.ru

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanda saparda bolmagynyň çäklerinde tatarystanly kärdeşi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşyk Kazan Kremlinde geçirildi.

Tatar Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şeýle hem «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Häzirki döwrüň kynçylyklaryna garamazdan, hyzmatdaşlygymyzyň depgini pese düşmän, eýsem, güýçlenmegini dowam etdirýär. Elbetde, bu ugurda Siziň tagallalaryňyza aýratyn orun degişlidir – diýip belledi.

Tatar Lideri söhbetdeşligiň dowamynda Tatarystanyň meşhur kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, gol çekilen degişli resminamalara laýyklykda işewür gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini belledi.

Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, – Doganlyk Tatarystan Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr, ol geljekde hem şeýle bolmagynda galar.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek isleýändigini tassyklap, şeýle belledi: – Türkmenistan üstünlikli, özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Munuň özi möhüm ähmiýete eýe bolan köp asyrlyk taryhy gatnaşyklarymyz bilen hem baglanyşyklydyr. Tatarystanyň zähmetsöýer we paýhasly halkyna uly hormatymyz bar.

Duşuşyga Tatarystanyň iri kompaniýalarynyň hem ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar Tatarystanyň kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän taslamalar we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi barada gysgaça hasabat berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystan Respublikasynyň döwlet baýragy – «Tatarystan Respublikasyna eden aýratyn hyzmatlary» ordeni bilen sylaglady. Gurbanguly Berdimuhamedow özüne bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi:

– Tatarystan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragyny almak meniň üçin uly hormat. Men muny doganlyk Tatarystanyň Türkmenistanyň halkyna uly hormatynyň nyşany hasaplaýaryn.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň