Soňky habarlar

Arhiw

Matwiýenko Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglandy

15:4412.05.2022
1
16985
Matwiýenko Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglandy
sura: pnp.ru

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy.

«Парламентская газета» web saýtynyň habar bermegine görä, Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň döwlet sylagy Aşgabatda öz işine başlan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň dowamynda gowşuryldy.

«Bu ýokary döwlet sylagy, size bolan uly hormatyň, Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmakda bitiren uly işleriňize berlen mynasyp bahadyr» diýip, Berdimuhamedow belläp geçýär.

Matwiýenkonyň pikiriçe, ençeme ýyl bäri iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösmegine uly üns berilýär.

«Iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde döwletleriň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy dowamly häsiýete eýe boldy» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüniň dowamynda belledi.

Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» döwlet sylagy Türkmenistan bilen ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim, tehnologiýa we beýleki ugurlarda halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine uly goşant goşan döwlet işgärlerini sylaglamak 2017-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda döredildi. Türkmenistanyň bu döwlet sylagy daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärlerine gowşurylýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» orden 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putina, 2021-nji ýylda bolsa Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň