Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» sammitine gatnaşdy

16:0919.05.2022
0
662
Gurbanguly Berdimuhamedow «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» sammitine gatnaşdy
surat: tatarystan.president.ru

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitiniň umumy mejlisinde çykyş etdi. Bu çäre «Kazan-EKSPO» sergi merkezinde geçirildi.

Tatar Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şeýle hem «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrylandygy üçin Tatarystanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Sammitiň şu ýylky meýilnamasyna görä, onuň dowamynda, esasan, yslam maliýesi, bank hyzmatdaşlygy, halal önümleriň senagaty, ýaşlar diplomatiýasy, eksporty ösdürmek, telekeçilik we maýa goýumlar hakynda pikir alşylmalar geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu sammitiň Russiýa bilen yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, dostlugyň we özara düşünişmegiň güýçlenmeginiň görkezijisi bolup durýandygyny nygtady. Bellenilşi ýaly, sammitiň Tatarystanda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýet bar. Sebäbi Tatarystan, adatça, ykdysady, söwda, maýa goýum we gumanitar ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamanyň başlangyjy we direktory hökmünde çykyş edýär. Şeýle taslamalara häzirki döwürde aýratyn isleg bildirýär.

Tatarstan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk türkmen-rus döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde-de öz beýanyny tapdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň taryhy gatnaşyklarymyz sebäpli Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda aýratyn orny eýeleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynda Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmek isleýän ýurtlar üçin açykdygyny nygtady. Şeýle-de sammitiň ähmiýeti, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň