Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň kubogynda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bir toparçada ýaryşjak Eýranyň ýaşlar ýygyndysynyň düzümi kesgitlenildi. Bu barada IRNA agentligi habar berdi.
Yklym ýaryşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler. Biziň wekilçilik edýän toparçamyzda ýer eýeleri bilen Kataryň ýygyndylary hem bar. Türkmenistanly «ýaşlar» Eýranyň ýygyndysy bilen 4-nji iýunda duşuşar.
Eýranyň ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Tähranda geçýär. Olar 24-nji we 27-nji maýda ýerli toparlaryň ikisi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirerler. Şondan soň olar Özbegistana giderler.
Eýranyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy:
Alireza Rezai, Amir-Ali Sadeki, Sina Saidifar («Esteglal»), Ýasin Salmani, Ariýa Ýusefi («Sepahan»), Alireza Bawiýe, Mohammad-Amin Hazbawi («Fulad»), Erfon Şahriari, Saman Fallah («Paýkan»), Milad Kor, Mohammad-Hosseýn Eslami, Mohammad Hodabandelu («Zob Ahan»), Paýam Parsa, Ahmad Şariatzade, Mohammad-Hosseýn Zawwari («Sanat Naft»), Mohammad Korbani («Nassaji Mazandaran»), Mohammad-Mehdi Ahmadi, Mehdi Haşem-Nejad («Naft Masjid Soleýman»), Amir Jafari («Şahr Kodro»), Ýadegar Rostami («Pogon», Polşa), Balal Arazi, Ali Pilaram («Pars Jonubi»), Alireza Hodai («Saýpa»), Ali-Jawad Kalmarzi (Niderlandlar).
Eýranyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna Mehdi Mahdawikiýa tälim berýär.