Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler

08:0019.05.2022
0
3368

Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysynyň 21 ― 23-nji maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Yklym çempionatynda medallaryň 24 toplumy üçin ýiti göreş alnyp barlar. Bu barada«Sport.kg» habar berýär.

Oňa 14 döwletden 300 türgen gatnaşar. Yklym çempionatynda biziň ildeşlerimizden başga-da, Owganystanyň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Filippinleriň we Ýaponiýanyň wekilleri gatnaşar.

Ähli tutluşyklary A.Suýumbaýew adyndaky sport toplumynda geçiriljek ýaryşda erkekler erkin usul boýunça 60, 70, 80, 90, 100 kilograma çenli we 100 kilogramdan ýokary, nusgawy usul boýunça hem edil şu agram derejelerinde güýç synanyşarlar.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar bolsa iki görnüşde hem 55, 60, 65, 70, 75 kilograma çenli we 75 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçiriler.

Bu ýaryş türgenler üçin şu ýyl Türkiýede geçiriljek Bütindünýä çarwadarlarynyň oýunlary üçin möhüm saýlama tapgyryna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň