Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi

22:3617.05.2022
0
5388
Wise-premýer Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýe.D.Grigorýewiň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

TDIM-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga «Возрождение» taslama we gurluşyk kompaniýalary toparynyň ýolbaşçysy I.W.Bukato we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.W.Blohin gatnaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şol sanda rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäklerindäki infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň taslamalarynyň birnäçesine netijeli gatnaşýandyklaryny bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň