Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz atçylyk sport toplumynyň durky täzelener

21:0417.05.2022
0
3823

Ýakyn geljekde Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durky täzelener we ol döwrebap örtük bilen üpjün ediler. Türkmen metbugatynda berlen bildirişde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmagynda bäsleşik yglan edýändigi aýdyldy.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 27-ne çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 44-46-64; +993 12 44-46-77

Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň