Turkmenportal logo
17.05.22
1146211462
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wepa Jumaýew ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy
Wepa Jumaýew ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Gomeliň «Lokomotiw» futbol toparynyň ýarym goragçysy Wepa Jumaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy. Ol ýygyndy bilen Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar diýip, Belarus klubynyň resmi saýty habar berýär.


Türkmen futbolçylarynyň Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 17-nji maýda başlandy.


21 ýaşly futbolçy karýerasynda ilkinji gezek ýaşlar ýygyndymyza çagyrylýar. Wepa Jumaýew mundan ozal Aşgabadyň «Köpetdagynda» we Rogaçýow şäheriniň «Dneprinde» futbol oýnapdy. Ol häzirki wagtda Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň talyby.