Türkmenistanly dzýudoçy Maýsa Perdäýewa Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

21:0016.05.2022
0
16462

Türkmenistanly dzýudoçy gyz Maýsa Pardaýewa Gazagystanyň Almaty şäherinde ýaşlaryň we kadetleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Bu barada «Türkmen Sport» habar berýär.

Ýaş dzýudoçy bu üstünligi 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, yklym çempionatyna Türkmenistandan 13 türgen gatnaşdy. Ýaryş 2005 ― 2006-njy we 2002 ― 2004-nji ýyllar aralygynda doglan türgenleriň arasynda geçirildi.

Aziýanyň çempionatyna Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we ABŞ-dan jemi 270 türgen gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň