Arhiw

Türkmenistanyň gimnastika federasiýasy 10 ýaşady

23:0915.05.2022
0
3103
Türkmenistanyň gimnastika federasiýasy 10 ýaşady

Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň gimnastika federasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.

Bu möhüm waka mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde gala konsert boldy. Ýubileýi dabarasyny gutlamak üçin şäheriň ýolbaşçylary, türgenler we olaryň ene-atalary, žurnalistler we sportuň bu owadan görnüşiniň muşdaklary geldi. Uly zalda dabaraly aýdym-saz ýaňlandy we minnetdarlyk sözleri eşidildi.

Agşamyň iň täsir galdyryjy pursaty federasiýanyň tälimçiler toparyna «Altyn feniks» baýragynyň gowşurylyşy boldy.

Dabarada ýaş gimnastikaçylaryň görkezme çykyşlary hem guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň