Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen teatrynda «Nuhuň gämisi» atly spektakl sahnalaşdyryldy

20:4614.05.2022
0
8086

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda «Nuhuň gämisi» atly spektakl sahnalaşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Spektaklyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow:

«Nuhuň gämisi» pýesasyny has öňräk ýazypdym. Ine, ahyrsoňy ol sahnada beýanyny tapdy.

«Nuhuň gämisi» pýesasyny sahnalaşdyrmak netijä gelnenden soň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri režisýor Aýnazar Batyrow bilen oýun goýujy nakgaş Batyr Bekmyradow gämi gurmaga girişdiler. Gala kysmy äpet gämi kemala gelinçe ençeme eskiz döredildi. Sahnada gurlan gämi şeýle bir uly boldy welin, sahna giňişligini giňeltmek üçin orkestr çukurynam ulanmaly boldy.

Umman şekili gowy sahna çözgüdi bolupdyr. Howa üflenýän mawy ýüpek mata galgap, tolkun şekilini döredýär» diýip, gürrüň berýär.

Spektaklda Nuhuň keşbinde çykyş edýän Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew şeýle gürrüň berýär:

«Maňa Nuhuň keşbini döretmek miýesser etdi, men hyýaly adamyň däl-de, adaty, elleri gabarçakly, erk-ygtyýary güýçli, adamlardan iň ýagşysyny geljege göçürmek başardan hak adamyň keşbini döretmek isledim.

Çagba galyp, gämi togtandan soň Nuh gury ýere düşüp boljagyny-bolmajagyny bilmek üçin gäminiň penjiresinden ak kepderini uçuryp görýär. Spektakla diri kepderem gatnaşýar. Bu spektakly döredenleriň tapan üýtgeşik çözgüdidir – guşuň näme etjekdigini biz Injil rowaýatyna tomaşa edenimizde göreris».

«Nuhuň gämisi» atly spektakl teatr festiwalyna gatnaşmak üçin ýörite taýýarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň