Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda umumy bilim berýän orta mekdeplerde hereket edýän «Gyzlar toparlarynyň» arasynda yglan edilen «Iň gowy gyzlar topary» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşigiň esasy maksady türkmen gyzyna mahsus bolan gyz edebi hakynda, zähmetsöýerligi, ahlak gözelligini ene-mamalardan miras galan däp-dessurlara sarpa goýmakdan ybaratdyr. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli orta okuw mekdepleriniň 8-11 synp okuwçylary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşýan gyzlar toparlary dört şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şertde «Gyzlar toparlarynyň» adyny, alyp barýan işiniň şygaryny, şahyrana dilde ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik şygarlaryny aýdymlaryň we rowaýatlaryň üsti bilen beýan etdiler.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz ýanlary bilen milli lybaslarynyň gutarmadyk nagyş, keşdesini eminler tarapyndan tabşyryljak ýumuşy 15 minudyň dowamynda ýerine ýetirmek boýunça ikinji şert boýunça bäsleşdiler.
Üçünji şert boýunça bäsleşige gatnaşyjylar keşde we haly nagyşlarynyň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, däp-dessurlary, aýdyşyklary, gazallary aýdym-sazlarynyň üsti bilen öz ýürek buýsanjyny etdiler.
Okaýan orta mekdeplerinde hereket edýän «Gyzlar toparlarynyň» işini açyp görkezýän albomy taýýarlap ony öz ýanlary bilen getirip eminler toparyna görkezdiler. Bäsleşigiň dördünji şertinde eminler gyzlar toparlaryna albomlaryň taýýarlanylyşy boýunça baha berdiler.
Bäsleşigiň baş baýragyna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ogulgerek Myradowa, birinji orna Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýşa Allamyradowa, ikinji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Gülnäz Jeýhunowa mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kädeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.