Antarktidanyň buzlarynyň astyndan uzynlygy 50 kilometr bolan gadymy köl ýüze çykaryldy

11:2011.05.2022
0
4651
Antarktidanyň buzlarynyň astyndan uzynlygy 50 kilometr bolan gadymy köl ýüze çykaryldy
Surat: i-podmoskovie.ru

Antarktidanyň buzluklarynyň astyndan gadymy köl tapyldy. Bu suw howdany uçar arkaly georadar hem-de magnitometrler we grawimetrler toplumy esasynda mälim edildi. Köl «Gar bürgüdi» diýlip atlandyryldy. Alymlaryň pikiriçe, «Ol Gündogar Antarktida buz örtüginiň tutuş taryhyny, onuň 34 million ýyl mundan ozal dörändigini we şondan bäri buz siklleriniň üsti bilen ösüşini we ewolýusiýasyny özünde saklaýar».

Ýüze çykarylan suw howdanynyň uzynlygy 50 kilometr töweregi bolup, giňligi 15 kilometre, çuňlugy bolsa 200 metre ýetýär. Mir 24 saýtynda bellenilişi ýaly, bu kölüň çuňlugy 300 metre golaý bolup, buz örtüginden hem has köne derýa çökündilerini özünde jemleýän bolmagy mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň