Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýerden Daşoguzyň ekin meýdanlaryndaky suw meseleleriniň oňyn çözülmegi talap edildi

22:0110.05.2022
0
5638

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda şu gün geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şeýle hem ýurtda galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň batly depginlerde dowam edýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurduň bu sebitleriniň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, ösüş suwunyň tutulyşy we şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk talabalaýyk derejede guralypdyr.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň welaýatlara guran saparynyň netijelerine ünsi çekip, Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini talap etdi.

Döwlet Baştutany wise-premýeriň ýurduň beýleki welaýatlarynda hem iş saparynda bolup, bar bolan meseleleri ýerinde öwrenmegi tabşyrdy. Şunda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli ýerine ýetirilmelidir. Gowaçalara edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidir.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň