Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmagyň wajypdygyny belledi

21:4810.05.2022
0
6108
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmagyň wajypdygyny belledi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, hatarara bejergisiniň geçirilişi barada hasabat berdi.sebitlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Bellenilşi ýaly, sebitlerde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler talabalaýyk alnyp barylýar. Ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de pile taýýarlamak işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Oba milli maksatnamasyna hem-de Türkmenistany 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň hem-de suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle-de galla oragyna hemmetaraplaýyn guramaçylykly taýýarlyk görmek, orakda işlediljek kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we galla kabul ediş bölümleriniň möwsüme taýýarlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ähli ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezident welaýatlaryň daýhanlarynyň ýurduň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaklary üçin zerur tagallalaryň görülmelidigini, şunda ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, sebitlerde pile taýýarlamak işleri talabalaýyk guralmalydyr.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň