Soňky habarlar

Arhiw

25-nji maýdan başlap içerki howa gatnawlary açylar

23:3706.05.2022
0
49183

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, M.Çakyýewe ýüzlenip, 25-nji maýdan başlap, ýurduň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Habar berşimiz ýaly, Hökümet mejlisiniň dowamynda dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, BAE we GFR-iň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly, ýola goýmak teklip edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bu teklibi makullady.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň