«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň düýpli abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilige tabşyrylan 129 guýudan goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 25,4 müň tonna golaýlady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.Munuň özi meýilnamadan 10,7 müň tonna barabar köpdür.
Gazanylan bu ajaýyp üstünlige «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly guýulary düýpli abatlaýjy müdirlikleriň zähmet toparlary önjeýli goşant goşmagy başardylar.
Germaniýanyň, Amerikanyň, Hytaýyň, Russiýanyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly we kämil tehnikalarydyr enjamlary bilen üpjün edilen bu trestiň müdirlikleriniň zähmet toparlary gazanylan belent sepgitleri ýylyň dowamynda has-da berkitmek üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.