Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Derweze gaz krateriniň meselelerine bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

21:0105.05.2022
0
16993

23-nji iýunda Aşgabatda Derweze gaz kraterini dolandyrmagyň geljegine we onuň daşky gurşawa zyýanyny azaltmaga bagyşlanan halkara maslahat geçiriler.

Forum gozgalýan meseleler boýunça tejribeli hünärmenleri we alymlary özünde birleşdirer.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Derweze gaz krateriniň geljegi bilen bagly mümkin bolan çözgütleri, halkara tejribesini we başlangyçlaryny hem-de beýleki meseleleri gözden geçirerler.

Uglewodorod öndürmekde we baglanyşykly gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary we nou-hau, täze döwrüň energiýa taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara maslahaty «Türkmennebit» we «Türkmengaz» konsernleri «Türkmen Forum» bilen hyzmatdaşlykda «GafneyCline» iňlis kompaniýasynyň goldaw bermeginde gurarlar.

Maslahat barada jikme-jik maglumaty www.ogt-turkmenistan.com resmi web saýtyndan tapyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 12 413622

E-poçta: info@turkmen-forum.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň