Soňky habarlar

Arhiw

Maradonanyň futbol köýnegi gymmat satyldy

13:0405.05.2022
0
3304
Maradonanyň futbol köýnegi gymmat satyldy
Surat: ru.euronews.com

Rowaýaty futbol oýunçysy Diýego Maradonanyň 1986-njy ýylda geçen Dünýä çempionlygynda Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesine eli bilen pökgi salanda geýnen futbol köýnegi onlaýn-söwdalaşykda 9,3 million ABŞ dollaryna satyldy. Bu barada “Sotheby's” söwda öýüniň metbugat gullugy habar berdi diýip, “vesti.ru” ýazýar.

Argentin oýunçysynyň futbol köýnegi iňlisleriň öňki ýarymgoragçysy Stiw Hoja degişlidi, ol köýnege 35 ýyl eýelik etdi. Hoj Maradona bilen köýneklerini oýundan soň alşyp-berlişipdi.

Ýeri gelende aýtsak, “Dünýä çempionaty-1986” geçýärkä Maradona öz toparynyň 2:1 hasap bilen iňlislerden ýeňşini gazanypdy, ol şonda ilkinji topy eli bilen tora salypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň