Soňky habarlar

Arhiw

"Liwerpul" "Wilýarrealy" ýeňip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

03:0004.05.2022
0
3925

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň ikinji duşuşygynda “Liwerpul” “Willarrealy” utdy (3:2). Ýer eýeleri oýnuň birinji ýarymynda iki gol geçirip, öňe saýlansa-da, ikinji ýarymda myhmanlar üç gol geçirmegi başardy.

Şeýlelikde, Ýurgen Kloppuň topary finala çykdy (2:0, 3:2) we “Real Madrid” — “Mançester Siti” jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar (ilkinji oýun — 3:4).

“Liwerpul” 10-njy gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Topar ozalky dokuz finalyň altysynda ýeňiş gazandy.

ÝÇL-iň finalyna iň köp “Real Madrid” çykdy — 16 gezek, “Milan” we “Bawariýa” 11 gezek.

“Liwerpul” soňky gezek 2019-njy ýylda kubok gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň