Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

20:3129.04.2022
0
13201

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy. Şu gün — 29-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň artistleriniň, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Ömrümiň manysy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açylan dabarada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Demokratik partiýanyň başlygy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we beýleki myhmanlar çykyş edip, hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň many-mazmuny, onuň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadag zähmet rugsady döwründe täze kitaplarynyň üstünde işlejekdigini aýdypdy. Bu gün bolsa onuň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky ýatlamalary, pikir-garaýyşlary özünde jemleýän «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy. Täze kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» ýaly bölümleri, şeýle-de olaryň her birine degişli bölümçeleri öz içine alýar. Olarda adamzat döräli bäri ýaradylyşyň gözbaşyna, dünýä, tebigata, durmuşa akyl ýetirmek bilen baglanyşykly garaýyşlar, pikir-pelsepeler yzarlanylýar.

Bellenilişi ýaly, «Ömrümiň manysy» eseri çuňňur ylmy işdir. Gahryman Arkadagyň öz manyly ömrüniň geçen uzak ýyllarynyň tejribesine daýanyp, düýpli ylmy garaýyşlar, çuňňur seljermeler esasynda ýazan bu eseri döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän adamlar, döredijilik işgärleri, bütin halkymyz üçin örän gymmatlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň