Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça halkara sergi we maslahat geçiriler

12:1129.04.2022
0
5967

2022-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglyk, bilim we sport» ady bilen halkara sergi hem maslahat geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralýan halkara sergä we maslahata türkmen bazarynda iş alyp barýan lukmançylyk we derman serişdeleri kärhanalary, degişli ministrligiň pudaklaýyn hem düzümindäki edaralardyr guramalar çagyrylýar.

Serginiň şu ugurlar boýunça guralmagy meýilleşdirilýär:

  • lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary;
  • diş lukmançylyk enjamlary;
  • tejribehana we anyklaýyş enjamlary;
  • hirurgiki enjamlar we materiallar;
  • hassahanalaryň aragatnaşyk ulgamy;
  • ortopediýa we saglygy dikeldiş;
  • derman serişdeleri, lukmançylyk we arassaçylyk-gigiýena önümleri;
  • saglyk, gözellik we bedenterbiýe;
  • optika;
  • ýörite ulag serişdeleri;
  • saglygyň tebigy çeşmeleri.

Halkara sergi we maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler.

Sergi we maslahat hakynda has giňişleýin maglumatlar bilen www.cci.gov.tm, www.sghm.tm web saýtlary arkaly hem-de:

  • centres@online.tm
  • okk-merkez@vandex.ru
  • exhibition@cci.gov.tm elektron poçtasyna ýazmak bilen tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri we faks:

  • (+993 12) 39-88-81, 76-17-99, 40-04-46, 76-06-16 (faks),
  • 39-88-85, 76-06-16, 40-04-51, 40-04-66 (faks),
  • 39-88-86, 40-04-70, 40-04-67.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň