Soňky habarlar

Arhiw

«Kitçiniň» ýarymgoragçysy Mingazow «Çiangraý Ýunaýted» toparyna garşy geçen duşuşykda iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi

23:5528.04.2022
0
6357

Gonkongyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda taýlandyň «Çiangraý Ýunaýted» toparyna garşy geçirilen duşuşykda (3:2) iň gowy oýunçy hökmünde saýlandy. Bu barada «Kitçi» toparynyň metugat gullugy resmi saýtynda habar berýär.

Buriramyň «Çang arena» stadionynda geçen duşuşyk 3:2 hasap bilen «Kitçiniň» peýdasyna tamamlandy.

Mingazow duşuşygyň bütin dowamynda çykyş etmek bilen, Aleksandr Akande tarapyndan duşuşykda geçirilen ilkinji gola ýardam pasyny berdi.

Duşuşygyň ilkinji minutlaryndan ahyryna çenli Mingazow has tapawutly oýun görkezip, Akandeniň gol geçirmegine goşandyny goşdy. Şunlukda, türkmenistanly ýarymgoragçy tejribeli hem-de örän täsirli çykyş etdi.

1-nji maýda boljak jemleýji tapgyrda «Kitçi» ýaponlaryň «Wissel Kobe» topary bilen duşuşar. Belläp geçsek, Ýaponiýanyň bu toparynda dünýäniň meşhur futbolçysy Andres Iniýesta hem-de «Barselonanyň» mekdebinde ýetişen Boýan Krkiç we Serhi Samper çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň