Gazagystanly pälwan 20 tonnadan gowrak agramly uçary çekmegi başardy

19:1728.04.2022
0
5575

20 tonnalyk uçary çekip butnatmak bilen almatyly pälwan Almat Jumanow ýene-de milli rekordyň eýesi boldy. Mir24 habarlar gullugynda bellenilişine görä, gazak pälwany dünýä derejesindäki netijeleri görkezmegi maksat edinýär.

Türgeniň belleýşi ýaly, ol munuň üçin ýörite taýýarlyk tilsimlerini ulanmaýar. Pälwan bu barada: “Men bu işi başyna baran badyma edýärin. Häzirlikçe ugruna bolup dur. Gündelik türgenleşikleri hasap etmeseň, bu işde tebigy güýç hökmany gerekdir” – diýip belleýär.

Almat Jumaýew mundan ozal hem 109 tonnalyk otlyny çekip, şeýle-de 300 kilogram töweregi agramly düýäni göterip rekordlyk netijeleri görkezipdi. Indi bolsa türgen bu ugurda Ýer ýüzüniň ünsüni çekjek agramda synanyşyk edip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmak isleýär.

Ýaz paslynyň ahyryna bolsa Almat Jumanow agramy 300 tonna deň bolan otlyny çekmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň