Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur futbol agenti Mino Raýola aradan çykdy

23:5830.04.2022
0
5180
Meşhur futbol agenti Mino Raýola aradan çykdy
Surat: gol.ru

Şu gün italiýaly meşhur futbol agenti Mino Raýola aradan çykdy. Bu barada «Çempionat» saýty habar berýär.

Raýola Ýewropada 20-den gowrak tanymal futbolça bildirilen gyzyklanmalary hödürläpdi. Olaryň hatarynda «Milanyň» şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç, «Mançester Ýunaýtediň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Pol Pogba, «Pari-Sen-Žermen» toparynyň hem-de Italiýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Jianluiji Donnarumma, «Romanyň» ermeni ýarymgoragçysy Genrih Mhitarýan we beýleki meşhur futbolçylar bar.

Geçen ýyl Raýolanyň baýlygynyň takmynan 73,5 million ýewro barabardygy bellenilipdi. Şeýle-de habarda beýan edilişine görä, hünärmen uzak dowam eden öýken keselinden soň, 54 ýaşynda hassahanada aradan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň