Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web saýty döredildi

22:3825.04.2022
0
4627

Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web saýty hereket edip başlady. Web saýtyň salgysy archery-tkm.art.

Web saýt üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýär. Saýtda «Baş sahypa», «Federasiýa», «Okuw barada», «Ýaryşlar barada», şeýle-de «Internet dükany» ýaly bölümler bar. Mundan başga-da, saýtyň «Federasiýa» bölüminde «Federasiýa barada», «Habarlar», «Senenama», «Nyşany», ýaly bölümler bar. Beýleki bölümlerde bolsa raýatlaryň Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň guraýan okuw maslahatlary, türgenleşikleri, ýaryşlary we beýlekiler barada birnäçe maglumatlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň