Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolanlara sylaglar gowşuryldy

18:1023.04.2022
0
4938

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIV ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolan raýatlary sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gowşurdy.

«Türkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, bu hormatly ada

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Şirmyrat Kakamyradowiç Agamyradow;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň seýsi Salyh Nuraliýewiç Rahymow;
  • Aşgabat şäherinden hususy atşynas Baýmyrat Aşyrow; Balkan welaýatyndan hususy atşynas Kerimberdi Ýegengylyjow;
  • Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Şukur Dädişowiç Seýlibaýew;
  • Lebap welaýatyndan hususy atşynas Şamurat Gündogdyýew;
  • Mary welaýatyndan hususy atşynas Yhlas Hojageldiýewiç Potraýew mynasyp boldular.
  • Maslahatyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna täze kabul edilýän taraplara şahadatnamalar hem gowşuryldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň