Aşgabada «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja goldawy we goşandy üçin halkara güwanama berildi

22:1822.04.2022
0
3533
Aşgabada «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja goldawy we goşandy üçin halkara güwanama berildi

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi. Bu baradaky BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan habary 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidente ýetirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde berlen habara görä, «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyç Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edildi. Bu başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine berlen halkara güwänama BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan gelip gowuşdy.

Döwlet Baştutany bu waka bilen türkmenistanlylary tüýs ýürekden gutlap, köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini, bu işiň ýurtda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün edendigini, sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna ýardam berendigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň