Soňky habarlar

Arhiw

“Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy

14:0022.04.2022
0
5492
 “Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy
Surat: filmpro.ru

Aktýor Win Dizel “Forsaž” filmler tapgyrynyň täze— 10-njy bölüminiň adyny we eýýäm onuň önümçilige girişilendigini habar berdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri ýazýar.
Aktýor we prodýuser Dizeliň sözlerine görä, film “Fast X” diýen ady aldy.

Filmde aktýor Jeýson Momoa kartinada ýaramaz gahrymanlaryň biriniň keşbini döreder, Bri Larson, Taýriz Gibson, Mişel Rodriges we beýleki aktýorlar surata düşer.

Iki bölümden ybarat boljak täze film jemleýjidir we onuň bölümleriniň birinjisi 2023-nji ýylda, ikinji bölümi 2024-nji ýylda ekranlara çykar.

“Forsaž” tapgyrynyň birinji filmi 2001-nji ýylda ekrana çykdy, häzirki güne çenli onuň ähli bölümleri dünýä prokatynda jemi 5,9 milliard ABŞ dollaryny toplady. Bu barada “iz.ru” saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň